Hytaý ABŞ-nyň Söwda söweşi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi ýurdy bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda söweşi ýüze çykan halatynda gerek bolan jogaby berjekdiklerini nygtady

925335
Hytaý ABŞ-nyň Söwda söweşi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Hytaýyň Milli Halk kongresiniň Baş geňeşiniň çäginde paýtagt Pekindäki Media merkeziniň binasynda metbugat ýygnagyny geçiren Wang Ýi Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda bar bolan meseläniň çözgüdi üçin edilýän tagallalary ahyryna çenli goldaw berýändiklerini belläp: “ABŞ bilen Demirgazyk Koreýany iň gysga wagtda duşuşyp, dialog geçirmäge çagyrýarys” diýdi.

Wang ähli taraplaryň ýarym adadaky ýadro meslesini çözgüt tapmak üçin islegli bolan tankydy bir döwre girilýändigine ünsleri çekip sebitdäki meseläniň çözgüdi üçin dialog we gepleşikleriň dowamynyň bolmagy üçin ähli ikiçäk we toparara gepleşikleriň iň gysga wagtda geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Wang ABŞ bilen Hytaýyň arasynda bolmagy ähtimal Söwda söweşiniň hem üstünde durup geçip, olar ýaly ýagdaýyň dörän halatynda ähli taraplara zeper ýetjekdigini we resmi Pekiniň wagty gelende gerek bolan jogaby berjekdigini belledi.

Söwda söweşiniň meseleleriň çözgüdi üçin dogry bir ýol däldigini aýdan Wang: “Esasan hem şu günki gün globallaşýan dünýäde söwda söweşine ýüz tutmak ýalňyş bir ýol” diýdi.

Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetine eýe bolan ABŞ-nyň we Hytaýyň diňe öz halklary üçin däl, dünýäniň galan böleginiň öňünde hem jogapkärçiliginiň bardygyny aýdan Wang täsirli we konstruktiw dialog döredip, meselelere ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk we gazanmak-gazanmak çözgüdi bilen jogap tapylmalydygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar