ABŞ Türkiýä sagbolsun aýtdy…
Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi beýannama berdi
ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Heter Nauert ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçihanasyna terror hüjüminiň guralma ähtimallygy baradaky maglumat boýunça geçiren derňew işleri mynasybetli türk hökümeti hem-de howpsyzlyk güýçlerine sagbolsun aýtdy.
Metgugat sekretary Nauert metbugat ýygnagynda mesele boýunça beýannama berdi.
Nauert: “İlçihanamyz düýn konsullyk we wiza hyzmatlaryna ýapykdy. İlçihanamyz şu gün doly açyk bolar. Türkiýäniň hökümetine, polis we howpsyzlyk güýçlerine degişli çäreleri görendikleri üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.
Nauert derňew işiniň dowamynda saklananlar baradaky soraga: “Eger ol ýerlikli we netijeli bolsa sagbolsun aýdýarys” diýip jogap berdi.
Ankaranyň gunbernatorlygy Amerikan çeşmelerinden gelen ABŞ-nyň ilçihanasyna we raýatlarynyň ýaşaýan ýerlere terror hüjümleriniň guralyp bilinjekdigi baradaky maglumatdan soň howpsyzlyk çäreleriniň berkidilendigini beýan edipdi.
Hüjüm synanşygy boýunça Yragyň raýaty bolan 4 sany DAİŞ terrorçysy ele salynypdy.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 87 Adam Zamun Alyndy
Nigeriýada paj almak maksady bilen ýygy-ýygydan zamun alynşyk wakalary başdan geçirilýär.