Gündogar Gutada soňky 15 günde asuda ilatdan 810 adam ýogaldy

Gündogar Gutada guralan soňky hüjümlerde asuda ilatdan 54 adam ýogaldy

923540
Gündogar Gutada soňky 15 günde asuda ilatdan 810 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler bilen hyzmatdaşlarynyň Gündogar Gutada guran hüjümlerinde asuda ilatdan 54 adam ýogaldy.

Gündogar Gutada soňky 15 günde asuda ilatdan 810 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler we hyzmatdaşlary öňňin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hüjümleriň bes edilmegi baradaky kararyna garamazdan Russiýanyň howa güýçleriniň goldaw bermeginde gury ýer hüjümine başlady.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 24-nji fewralda kabul eden karary  bilen Gündogar Gutanyň başda durmagynda Siriýada asuda ilata ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin hüjümleriň bes edilmegi talap edilipdi.

Russiýa hem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyndan soň 27-nji fewralda her gün ýerli wagt bilen 09.00-14.00- aralygynda 5 sagatlyk ynsanperwer arakesme yglan edipdi.

Emma muňa garamazdan hüjümler dowam edýär.

 

 

 



Degişli Habarlar