Fransiýanyň Daşary işler ministri Drian resmi sapar bilen Tährana bardy

Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýean İwe Le Drian Tähranda kärdeşi Jawad Zarif bilen duşuşdy

923230
Fransiýanyň Daşary işler ministri Drian resmi sapar bilen Tährana bardy

Le Drian we Zarif Tähranda Daşary işler ministrliginiň binasynda özara we toparara gepleşikler geçirdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emanuel Makron we Daşary işler ministri Le Drianyň dürli platformalarda “Eýranyň sebitde ýerleşýän ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmagy we raketa öndüriş işlerine garşy” beren behanatlarynyň kölegesinde geçirilýän metbugata ýapyk duşuşyklar barada beýannama berilmedi.

Tähranda Eýranyň Milli howpsyzlyk boýunça Ýokary geňeşiniň baş sekretary Ali Şamhani bilen duşuşan Le Drian, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar