ABŞ Gündogar Gutadaky hüjümleri sebäpli Siriýanyň hökümetini ýazgardy

ABŞ Siriýada Eýran we Russiýa tarapyndan goldanýan Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada hüjümlerini dowam etdirmegini ýazgardy

922799
ABŞ Gündogar Gutadaky hüjümleri sebäpli Siriýanyň hökümetini ýazgardy

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda “ABŞ Eýran we Russiýa tarapyndan goldanýan Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada hüjümlerini dowam etdirmegini ýazgar”diýildi.

Beýanatda “Siriýada hüjümleriň 30 gün möhlet bilen bes edilmegi barada BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2401 belgili kararyna garamazdan  Russiýa karary basgylmaga we “terrora garşy göreş” bahanasy bilen asuda ilaty öldürmäge edýär. Bular Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň 2016-njy ýylda asuda ilatdan müňlerçe adamyň öldürlen ýeri bolan Halap baradaky ýalan beýanatlarynyň hem aýnasydyr” diýildi.

Ak Tamyň beýanatynda Russiýanyň Himeýmin howa bazasyndan uçan uçarlaryň fewral aýynyň 24-28-i aralygynda Gündogar Gutada we Damaskyň golaýynda her gün 20 howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Beýanatda Eýrana we Russiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda herket etmegi we Gündogar Gutadaky 400 müň adama ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini üpjün etmegi çagyryşy berildi.

Siriýanyň hökümeti we hyzmatdaşlary BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna we Russiýanyň yglan eden her gün 5 sagatlyk ynsanperwer arakesmesine garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 



Degişli Habarlar