Ysraýyla degişli oba-hojalykda ulanylýan uçarlar Gazada näme işleýär?

Ysraýyla degişli oba-hojalyk uçarlary Gaza serhedindäki ekin meýdanlara düzümi näbelli bolan himiki dermanlar sepmäge başlady

922472
Ysraýyla degişli oba-hojalykda ulanylýan uçarlar Gazada näme işleýär?

Palestinanyň Oba-hojalyk ministrliginiň Toprak we suwlama müdüri Nizar Al-Wahidi Ysraýyla degişli uçarlaryň Gaza serhedindäki ekin meýdanlaryna himiki dermanlar serpmäge başlandygyny we Gazanyň demirgazygyna tarap barýandygyny habar berdi.

“Bu dermanlar gök-önümleriň zaýalanmagyna sebäp bolýar, topraga zeper ýetirýär” diýen Wahidi dermanyň düzüminiň entek anyklanmandygyny, ministrligiň dermanyň düzümini anyklamak üçin gerek bolan mümkinçiliklere hem eýe däldigini habar berdi.

Wahidi: “Ysraýyl düzümi näme bolsa bolsun palestinalylaryň ekin meýdanlaryna derman sepmäke haky ýok. Olar ýaly hukugy ýok” diýdi.

Ysraýylly adam hukuklary guramasy Gisha bolsa Ysraýylyň bu edýäni bilen serhedi has gowy gözegçilik edip bilmek üçin otlary ýok etmäge maksat edinýändigini habar berdi.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #uçar , #derman , #hukuk

Degişli Habarlar