Siriýa 32 konteýnerlik ynsanperwer kömegi ugradyldy

Ýemelek berýän goldawlary üçin Şa Salman gaznasynyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýtdy

920973
Siriýa 32 konteýnerlik ynsanperwer kömegi ugradyldy

Mekezi Saud Arabystanynda ýerleşýän Şa Salman gaznasy bilen Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasy tarapyndan Siriýa 32 konteýnerlik ynsanperwer kömegi ugradyldy.

Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasynyň utgaşdyryjysy Erhan Ýemelek mesele barasynda beren beýanatynda Siriýanyň halkynynyň az hem bolsa derdine derman bolmak üçin  ýardam tagallalaryny yzygiderli ýagdaýda dowam etdirýändiklerini nygtady.

Şa Salman gaznasy bilen birlikde 32 konteýnerlik ynsanperwer kömegini Siriýa ugradandyklaryny aýdan Ýemelek “Siriýa ugradylan ynsanperwer kömegi Hama, Halap we Latakiýe şäherlerine ýetirildi we 420 müň adama paýlandy” diýdi.

Ýemelek berýän goldawlary üçin Şa Salman gaznasynyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar