Russiýa: “ABŞ-nyň Siriýada 20 sany harby bazasy bar”

ABŞ-nyň PKK-e goldaw berýändigi Russiýa tarapyndan hem tassyklandy

920656
Russiýa: “ABŞ-nyň Siriýada 20 sany harby bazasy bar”

Russiýa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki wagta çenli Siriýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň şahasy ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerde 20-ä golaý harby baza gurandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşinden bir resmi ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-e döwrebap ýarag goldawyny dowam etdirýändigini habar berdi.

Russiýanyň Howpsyzlyk komitediniň Halkara howpsyzlyk gullugynyň sekretarynyň orunbasary Aleksandr Wenediktow bolsa ABŞ-nyň ÝPG-li terrorçylary döwrebap ýaraglar bilen üpjün edýändigini belläp: “Bu döwrebap ýaraglar we goldaw Türkiýäniň Siriýanyň Afrin sebitindäki operasiýasyny öjükdirdi” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #ABŞ , #harby baza , #Siriýa

Degişli Habarlar