Lawrow ABŞ-ny taktiki ýadro ýaraglary boýunça tankyt etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-ny Ýewropa ýurtlarynyň ýaragly güýçlerine Russiýa garşy ulanylmak maksady bilen taktiki ýadro ýaraglar boýunça tälim bermekde günäkärledi

920364
Lawrow ABŞ-ny taktiki ýadro ýaraglary boýunça tankyt etdi

BMG-niň Ženewadaky ofisinde dowam edýän Ýaragsyzlanma maslahatynda çykyş eden Lawrow dünýädäki çylşyrymly şertlerde esasanda global we sebitleýin derejede howpsyzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin ulgamlaýyn we köpçülikleýin tagallanyň edilmelidigini aýtdy.

Lawrow ABŞ-nyň Ýewropada ýerleşýän strategik däl ýadro ýaraglary bilen “ýadro ýaragsyzlanmanyň” öňüni alýandygyny nygtap; “Amerikan goşuny Ýewropa ýurtlarynyň ýaragly güýçlerine Russiýa garşy ulanmak üçin taktiki ýadro ýaraglar boýunça tälim berýär” diýdi.

ABŞ-nyň 2-nji Jahan urşunda Ýaponiýada ulanan atom bombasyny ýatladan Lawrow: “İndi Ýewropanyň raýatlaryna öz territoriýalarynda, ony ulanan ýeke-täk döwlet tarapyndan eýe bolunan iň güýçli köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ornaşdyrylmagyna garşy durmaklaryna garaşýarys” diýdi.

Lawrow ýadro ýaragsyzlanmanyň aç-açan görnüşde halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nygtap, ýurdunyň strategik hüjüm ýaraglarynyň azaldylmagyna goşant goşup, üssüne düşýän jogapkärçiligi berjaý edendigini aýtdy.

Ýaragsyzlanma maslahatynda ABŞ-na wekilçilik edýän İlçi Robert Wud Lawrowyň günäkärlemelerine jogap berip; “Bu dünýäde ýalňyş bolan ähli zat üçin ABŞ-ny günäkärleýän adaty rus beýanatlaryndan biri. Aşa köp ýagan gar sebäpli entegem bizi günäkärlemeýändiklerine geň galdym. Emma golaýda olam bolar” diýdi.

Maslahatda Türkiýäniň adyndan çykyş eden Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz bolsa Türkiýäniň maksadynyň “ýadro ýaraglaryndan saplanan dünýädigini” nygtap; “Ýadro ýaraglarynyň gadagan edilmegi baradaky ylalaşygyň gyşarnyksyz we doly berjaý edilmegi şol ugurda ýerlikli başlangyç bolar” diýipdi.

 



Degişli Habarlar