"Russiýa islän halatynda Siriýada hüjümleri bes etdirip biler"

Nauert Twitter arkaly beren beýanatynda Asada tabynlykdaky güýçleriň Gündogar Gutada guraýan hüjümleri barada maglumat berdi

"Russiýa islän halatynda Siriýada  hüjümleri bes etdirip biler"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýada hüjümleriň bes edilmegi baradaky kararyna garamazdan Gündogar Gutada hüjümleriň dowam edýändigini aýtdy.

Nauert Twitter arkaly beren beýanatynda Asada tabynlykdaky güýçleriň Gündogar Gutada guraýan hüjümleri barada maglumat berdi.

“Asada tabynlykdaky güýçler Russiýanyň we Eýranyň goldaw bermeginde Gündogar Gutada hüjümlerini dowam etdirýär”diýen Nauert hüjümleriň şenbe güni kabul edilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna garamazdan hüjümleriň dowam edýändigine ünsi çekdi.

Nauert “Asad terrorçylara garşy söweşýändigini öňe sürýär. Emma ýüz müňlerçe adamy öldürýär. Asada tabynlykdaky güýçleriň hlor gazyny ulanmagy asuda ilatyň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrýar. Russiýa islän halatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna laýyklykda şol hüjümleri bes etdirip biler. ABŞ hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çagyryş berýär” diýdi.

 


Etiketkalar: hlor gazy , Asad , Russiýa

Degişli Habarlar