Alymlar Aýda suwyň bardygyny mälim etdiler...
Alymlar Aýda çak edilýänden has ýaýran we köp mukdarda suwyň bardygyny habar berdiler

NASA aýdaky gözleg-agtaryş hemrasy Lunar Reconnaissance Orbite ulgamynyň ölçeg enjamlaryny ulanýan halkara derňew topar suwyň Aýyň ähli giňişliginde, wagta ýa-da ýere garamazdan bardygyny anykladylar.
Topara ýolbaşçylyk edýän Amerikanyň Kolorado ştatyndaky Älem ylymy institutyndan Joşua Bandfield: "Günüň haýsy sagadynda ýa-da haýsy giňişliginde bolsa bolsun, suw signallarynyň dowamly häsýetde bardygyny görýäris" diýdi.
Alymlar täze maglumatlaryň Aýa suwyň nädip barandygyny we suw çeşmelerinden ulanyp-ulanyp bolmajakdygy taýdan peýdaly boljakdygyny derňeýärler.
Ayda suwyň nähili bardygy entek anyklanmady.
Derňewleriň netijeleri "Nature Geoscience" žurnalynda çap edildi.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy