Abbas Palestinanyň BMG-na agzalyga kabul edilmegi üçin çagyryş etdi
Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas Palestina meselesiniň çözülmegi üçin köp taraply mehanizmiň döredilmegi we Palestinanyň BMG-na agzalyga kabul edilmegi barada çagyryş berdi
Mahmud Abbas BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine ýüzlenip eden çykyşynda Palestinanyň halkynyň 70 ýyldan bäri basyş astynda ýaşamaga dowam edýändigini aýtdy.
BMG-ni Palestina meselesiniň çözülmeginde başarnyksyz bolandygy üçin tankyt eden we Ysraýyly özüni “halkara hukukdan ýokarda görýän döwlet” hökmünde günäkärlän Abbas, Ysraýyl-Palestina meselesiniň çözülmeginiň ýeke-täk ýolunyň “köp taraply halkara mehanizminiň döredilmeginden” ybaratdygyny nygtady.
Palestinanyň BMG-da döwlet hökmünde ykrar edilmegi barada çagyryş eden Abbas, “Palestinany döwlet hökmünde ykrar eden ýurtlary muňa çagyrýaryn” diýdi.
Maslahata BMG-niň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli bilen birlikde Prezident Donald Trampyň körekeni we Ýakyn Gündogar işleri boýunça geňeşçisi Žared Kuşner hem gatnaşdy.
Heli Geňeşde sözlän sözünde BMG-ni Ysraýyl meselesinde “tarapgöý we deňagramsyz” bolmakda aýyplady.
Amerikan hökümetiniň Palestinanyň halkyna garşy däldigini nygtan Heli: “Palestin halkynyň çekýän kynçyklyklaryny bilýäris. ABŞ parahatçylyk üçin şu gün şu ýerde Palestinanyň hökümetine elini uzadýar… ABŞ-nyň ilçihanasynyň İýerusalime göçürmek baradaky kararyndan hoşal bolmadyňyz. Siz bu karary kabul etmäge mejbur däl. Şu bu kararyň üýtgemejekdigini biliň. ABŞ-nyň gepleşiklerdäki pozisiýasyny ret etmegi, BMG ýaly halkara platformalarda Ysraýyly jezalandyrmak üçin tagalla edip bilersiňiz. Emme bular sizi hiç ýere alyp gitmez. Gahar-gazaby bir gyra goýup, biziň bilen bilelikde hereket edip, palestinalylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin gepleşik ýoluny saýlap alyň. Gepleşikleri alyp baryjy arkamda otyr. Gepleşiklere taýar, emma yzyňyzdan ylgamarys, karar siziňki Hormatly Abbas” diýdi.