Al Bab etrabynda halk Siriýanyň hökümetine garşy ýöriş geçirdi

Tadifli bosgunlar ýörişde Siriýanyň hökümetine garşy şygarlar aýtdy

912292
Al Bab etrabynda halk Siriýanyň hökümetine garşy ýöriş geçirdi

Siriýanyň Halap şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Al Bab etrabynda halk Siriýanyň hökümetine garşy ýöriş geçirdi.

2016-njy ýylyň awgust aýynda başladylan we 7 aýa golaý dowam eden Ýefrat galkany operasiýasy netijesinde terror guramasy DAIŞ-den saplanan Al Bab etrabyna ornaşan Tadifli halk Juma namazyndan soň geçiren ýörişleri bilen Siriýanyň hökümetiniň Tadif etrapçasyny boşaltmagyny isledi.

Müňden gowrak Tadifli halkyň gatnaşmagynda geçirlen ýörişde Siriýanyň hökümeti tarapyndan 2016-njy ýylda ele geçirlen etrapçanyň eýelerine yzyna berilmegi islendi.

Ýefrat galkany operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynda ýaşamaga başlan Tadifli bosgunlar ýörişde Siriýanyň hökümetine garşy şygarlar aýtdy.

DAIŞ-den saplanandan soň Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri sebäpli öýlerini terk etmeli bolan Tadifliler etrapçalarynyň yzyna alynmagy üçin Türkiýeden hem kömek sorapdy.



Degişli Habarlar