Mýunhen howpsyzlyk konferensiýasy şu gün öz işine başlaýar
Konferensiýa 21 döwlet we hökümet baştutany bilen 80-den gowrak ýurduň daşary işler we goranmak ministri gatnaşar
Şu ýyl 54-njisi geçirilýän we 18-nji fewrala çenli dowam etjek konferensiýa 21 döwlet we hökümet baştutany bilen 80-den gowrak ýurduň daşary işler we goranmak ministri gatnaşar.
Howpsyzlyk konferensiýasyna ylmy işgärler, halkara derejesinde iş alyp barýan firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde 600-den gowrak myhman gatnaşar
Türkiýäniň adyndan Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we Milli Goranmak ministri Nurettin Janikliniň gatnaşmagyndaky howpsyzlyk konferensiýasynda 3 günüň dowamynda daşary işler, howpsyzlyk, ýaragsyzlanma we goranyş meseleleri bilen birlikde Siriýa, ÝB-niň geljegi, ÝB bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, ÝB bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar, Ýakyn Gündogardaky düşnüşmezlikler, Pars aýlag ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlyk, kiber howpsyzlyk we Demirgazyk Koreýa bilen başdan geçirilýän ýadro düşnüşmezligi ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşylar.
Premýer ministr Ýyldyrym konferensiýanyň çäginde köp sanly ýurduň döwlet we hökümet baştutany bilen özara duşuşyk geçirer.
Degişli Habarlar
Zelenskiý Harby Mobilizlenmäniň Şertleri Hakyndaky Kanuny Tassyklady
Bu barada Ukrainanyň Parlamentiniň internet sahypasyndan habar berildi.