Binali Ýyldyrym Angela Merkel bilen duşuşar

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen 15-nji fewralda Berlinde duşuşyk geçirer

909274
Binali Ýyldyrym Angela Merkel bilen duşuşar

Germaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Şteffen Zaýbert beren ýazmaça beýanatynda Ýyldyrym bilen Merkeliň ýerli wagt bilen sagat 16:00-da duşuşjakdyklaryny we ondan soň geçiriljek metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berjekdiklerini habar berdi.

Berlindäki duşuşkdan soň Halkara Mýunhen Howpsyzlyk konferenesiýasyna gatnaşmak üçin Mýunhene geçjek bolan Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ol ýerde çykyş etmegine garaşylýar.

Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň we ýanyndaky wekiliýetiň beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar