ABŞ Ysraýyl-Siriýa dartgynlygy boýunça Ysraýyly goldady

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ysraýyl-Siriýa dartgynlygy bilen bagly beýanat berdi

908055
ABŞ Ysraýyl-Siriýa dartgynlygy boýunça Ysraýyly goldady

Siriýanyň Ysraýyla degişli harby uçaryny od açyp ýere gaçyrmagyndan soň, başlan dartgynlyk bilen bagly beýanat beren ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert Ysraýylyň arkasyny tutdy.

Hizer Noýert beýanatynda: “Sebitde dartgynlygyň artmagyna alada bildirýäris. Ysraýylyň özygtyýarlygyny we özüni goramak hukugyny güýçli ýagdaýda goldaýarys” diýip belledi.

Noýert dartgynlygyň döremegine Eýranyň jogapkärdigini nygtady we Eýrany sebitiň parahatçylygyna we asudalygyna howp salmak bilen günäkärledi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Ysraýylyň harby uçarynyň ýere gaçyrylmagy bilen baglanşykly Eýranyň uçarmansyz howa ulagyny Ysraýylyň howa giňşligine sokup, ýurdunyň özygtyýarlygynyň düzgünini bozandygyny belläp, Tel-Awiwiň bu günki hüjümleriň jogapkäriniň Eýran we Siriýadygyny beýan etdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin we Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu telefon arkaly söhbetdeş boldylar.

Putin Netanýaha sebitde täze söweşlere sebäp bolup biljek ädimlerden uzak durmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar