Yslam hyzmatdaşlyk guramasy Idlibe we Gündogar Guta guralýan hüjümleri ýazgardy

Halkara jemgyýetçiligine Siriýanyň halkynyň goralmagy we akýan ganyň bes edilmegi üçin tagalla edilmegi çagyryşy berildi

Yslam hyzmatdaşlyk guramasy Idlibe we Gündogar Guta guralýan hüjümleri ýazgardy

Yslam hyzmatdaşlyk guramasy Asada tabynlykdaky güýçler we hyzmatdaşlary tarapyndan Idlibe we Gündogar Guta guralýan hüjümleri ýazgardy.

Gurama tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda hassahanalaryň we saglygy goraýyş merkezleriniň başda durmagynda infstrukturany nyşana alýan hüjümleriň gyssagly bes edilmegi islendi.

Beýanatda “Gurama Siriýadaky ähli taraplara söweşde asuda ilatyň nyşana alynmagyny göz öňünde tutýan halkara adam hukuklarynyň basgylanmagy çagyryşyny berýär”diýildi.

Beýanatda halkara jemgyýetçiligine Siriýanyň halkynyň goralmagy we akýan ganyň bes edilmegi üçin tagalla edilmegi çagyryşy berildi.

 



Degişli Habarlar