Russiýa Türkiýeden kömek sorady...

Russiýanyň Goranmak ministrligi Siriýanyň Idlib sebitinde urulyp ýere gaçyrylan rus Su-25 harby uçarynyň dwigateli bilen birlikde ähli bölekleriniň tapylmagy üçin Türkiýeden kömek sorady

Russiýa Türkiýeden kömek sorady...

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: “Idlibiň howa giňişliginde 3-nji fewralda zenit ýaragy bilen terrorçylar tarapyndan od açylyp, ýere gaçyrylan Su-25 kysymly uçarynyň ähli bölekleriniň tapylmagy babatynda türk tarapyna bir talap bildirildi” diýildi.

Beýanata görä rus harby hünärmenler terrorçylaryň uçary ýere gaçyrmak üçin ulanan zenit ýaragynyň görnüşiniň, öndürilen ýeriniň we Siriýa nädip salynandygynyň anyklanmagy üçin dwigatelleriniň bölekleriniň yzyna alynmagy bilen aýratyn gyzyklanýar.

Ministrlik ýere gaçyrylan rus uçarynyň öldürilen uçarmany Roman Filipowyň Türkiýäniň kömegi bilen Russiýanyň harby razwedkasy tarapyndan Russiýa berilendigini habar berdi. 

Ministrligiň berýän habaryna görä Filipow maşgalasynyň we dogan-garyndaşlarynyň islegine laýyklykda 8-nji ýanwarda ýurdyň Woronež şäherinde harby çäre bilen jaýlanar. 


Etiketkalar: Idlib , Siriýa , dwigatel , Su-25 , Russiýa

Degişli Habarlar