Siriýada diňe geçen aý 59 çaga çaknyşyklarda öldürildi

Kappelaere: “Diňe ýanwar aýynda Yrak, Liwiýa, Palestina, Siriýa we Ýemen ýaly ýurtlarda artan çaknyşyklarda azyndan 83 çaga öldürildi" diýdi

904009
Siriýada diňe geçen aý 59 çaga çaknyşyklarda öldürildi

UNICEF-iň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitiniň müdüri Geert Kappelaere beren ýazmaça beýanatynda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýanwar aýynda bolan çaknyşyklarda ençeme çaganyň ýogalandygyny habar berdi.

Çagalaryň dowam edýän çaknyşyklarda, kamikaze hüjümlerinde, sowukda we söweşden gaçan mahaly ýogalandygyny aýdan Kappelaere: “Siriýada artan çaknyşyklarda 59 çaga soňky 4 hepdede öldürildi” diýdi.

Geçen aý Ýemende 16 çaganyň çaknyşyklarda, Liwiýada 3 çaganyň kamikaze hüjüminde, 3 çaganyň bolsa ýarylmadyk bombanyň golaýynda oýnap ýörkä ýogalandygyny aýdan Kappelaere: “Diňe ýanwar aýynda Yrak, Liwiýa, Palestina, Siriýa we Ýemen ýaly ýurtlarda artan çaknyşyklarda azyndan 83 çaga öldürildi. Liwandaky aşa sowuklar Siriýadan gaçyp, ýurda sygynan 4 çaganyň doňup ýogalmagyna sebäp boldy we ençeme çaga doňup, saglyk ýagdaýy agyrlaşan mahaly hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.



Degişli Habarlar