Indoneziýada ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Gündogar Nusa Tenggara welaýatynda 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

903685
Indoneziýada ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligi ýer titremäniň güýç merkeziniň welaýatyň Sikka sebitiniň Hepang şäheriniň 47 km günortasynda emele gelendigini habar berdi.

Ýeriň 138 km aşagynda emele gelen ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi.

Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi.



Degişli Habarlar