Hytaý ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Hytaý ABŞ-nyň ýadro ýarag doktrinasynda Hytaýyň ýadro potensialyny howp hökmünde häsýetlendirmegine nägilelik bildirdi

903255
Hytaý ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Hytaýyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Hytaýyň galkynyş meýilnamalary barada manysyz beýanatlar berilen, Hytaýyň ýadro güýçleriniň howpunyň ulaldylyp aýdylan täze ýadro doktrinasyny çap etdi. Bu doktrina garşy çykýarys” diýilýär.

Resmi Pekiniň parahatçylykly galkynyş we goranyş syýasatyna örän berk ýagdaýda baglydygyny bellän ministrlik hiç wagt we hiç bir ýagdaýda ýadro ýaragy ilkinji bolup ulanan tarap bolmazlygy, ýadro ýaragy bolmaýan ýurtlara howp salmazlyk ýörelgesiniň jogapkärçiligini ýerine ýetirýändigi habar berildi.

Pentagon düýn ABŞ-nyň täze Ýadro doktrinasyny çap edipdi.

Täze doktrinada ABŞ-nyň Russiýany we Hytaýy duşman hökmünde görmek islemeýändigi we bu ýurtlar bilen durnukly gatnaşyklar ýola goýmaga synanyşýandygy beýan edilipdi.

Doktrinada: “ABŞ Russiýany we Hytaýy duşman hökmünde garamak islemeýär we olar bilen durmukly gatnaşyklar ýola goýmak isleýär” diýilýär.



Degişli Habarlar