Afrinde terrorçylar tarapyndan gazylan ýene-de bir tunel tapyldy

Tuneliň 50 metr uzunlygyndadygy anyklanyldy

901496
Afrinde terrorçylar tarapyndan gazylan ýene-de bir tunel tapyldy

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň Siriýanyň Afrin etrabynda terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-den saplanan Kastel Jündo obasynda bir binanyň aşagynda 6 metrlik tunel tapyldy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny tarapyndan  28-nji ýanwarda ele geçirlen Kastel Jündo obasyndaky barlagda öňňün terrorçylaryň harby uçarlardan we beýleki agyr bombaly hüjümlerden goranmak maksady bilen 4 metr çuňlugynda gazan tuneli we gaçybatalgasy tapylypdy.

Obada geçirlen barlaglarda Türkiýe serhedindäki Azez etrapçasynda ýene-de bir tunel tapyldy.

Iki gatly binanyň ýerzemin gatyndan gazylmaga başlanan we ýeriň 6 metr aşagyndaky tunel görenleri geň galdyrdy.

Tuneliň 50 metr uzunlygyndadygy anyklanyldy.

 

 

 


Etiketkalar: #Afrin , #tunel , #oba , #metr , #uzynlyk

Degişli Habarlar