PÝD/PKK-dan saplanan obada ýeriň 4 metr aşagynda tuneliň we gaçybatalgalaryň bardygy ýüze çykaryldy

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Burseýa dagynyň terrorçylardan saplanmagyndan soň terrorçylar Kastel Jündo obasyna çekilipdi

900628
PÝD/PKK-dan saplanan obada ýeriň 4 metr aşagynda tuneliň we gaçybatalgalaryň bardygy ýüze çykaryldy

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän operasiýasynyň çäginde terror guramasy PÝD/PKK-dan saplanan obada ýeriň 4 metr aşagynda tuneliň we gaçybatalgalaryň bardygy ýüze çykaryldy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Burseýa dagynyň terrorçylardan saplanmagyndan soň terrorçylar Kastel Jündo obasyna çekilipdi.

Obanyň golaýyndaky gözegçilik diňleriniň  türk harby uçarlary tarapyndan bombalanmagyndan soň Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň gury ýer hüjümleri netijesinde obanyň gözegçiligi ele geçirlipdi.

PÝD/PKK-dan saplanan ýerlerde geçirlen barlaglarda terrorçylaryň harby uçarlardan we beýleki agyr bombaly hüjümlerinden goranmak maksady bilen ýeriň 4 metr aşagynda ýörite gaçybatalgalarynyň we tuneliň bardygy anyklanyldy.

Anadoly habarlar gullugynyň wideo ýazgylarynda tunelde we gaçybatalgalarda elektrik togunuň bardygy, boýalan gaçybatalgalardan biriniň gurama tarapyndan göýä diýersiň merkez ýaly ulanylandygy ünsleri özüne çekdi.

Gaçybatalgada terrorçylara degişli gündelikler, köp sanly syýasy resminama we PKK-nyň ýolbaşçysynyň foto suratlary tapyldy.

PÝD/PKK-niň 7 ýyldan bäri giňden ornaşan ýeri Afrinde gaýalyk we daglyk meýdanlarda köp sanly tuneliň we gaçybatalganyň bardygy nygtalýar.

 


Etiketkalar: #oba , #tunel , #PÝD , #PKK

Degişli Habarlar