Siriýanyň Milli dialog maslahaty başlady

Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilýän Siriýanyň Milli dialog maslahaty öz işine başlady

899912
Siriýanyň Milli dialog maslahaty başlady

Takmynan 1500 siriýaly delegadyň gatnaşmagynda geçirilýän maslahat 2,5 sagat giýç başlady.

Maslahat Damask Söwda palatasynyň başlygy Gassam El-Kallanyň çykyşy bilen başlady.

Ondan soň bolsa Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we ýurdyň Prezidenti Wladimir Putiniň hatlary okaldy.

Putin hatynda Türkiýä we Eýrana Astana etabyndaky garantlygy sebäpli minnetdarlyk bildirdi, etabyň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň çäginde dowam etjekdigini belledi.  

Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew 10 adamdan ybarat ýokary wekilleri kürsä çagyranyndan soň, maslahatyň metbugata ýapyk häsýetde dowam etjekdigini habar berdi.  

Lawrentiýew maslahatyň soňky bölüminde umumy jarnamanyň okaljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar