Donald Tramp ötünç soramaga taýar...
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp aşa sagjy gurama Britain Firstiň wideolaryny paýlaşandygy üçin ötünç soramaga taýar
Britaniýanyň ITV telewideniýesine interwýu beren Tramp noýabr aýynda wideolaryny Twitteriň üsti bilen paýlaşan aşa sagjy gurama Britain First bilen baglanşykly: "Eger bularyň gorkunç adamlar, gorkunç we rasist adamlardygyny aýdýan bolsaňyz we ötünç soramagymy isleýän bolsaňyz elbetde ötünç soramaga taýar" diýdi.
Britain First guramasy barada hiç hili maglumatynyň bolmandygyny aýdan Tramp: "Olar barada hiç zat bilmeýärin. Şu günki günde hem okan zatlarymyň daşynda örän az zat bilýärin. Belkem bu Britaniýada uly habar boldy welin, ABŞ-de uly bir habar däldi" diýdi.
Tramp geçen ýylyň noýabr aýynda Twitter hasabyndan Britain First guramasynyň liderlerinden Jaýda Fransen tarapyndna çap edilen 3 yslamafobik wideony takmynan 45 million adam bilen paýlaşdy.
Degişli Habarlar
Aliýew Bilen Zelenskiý Dawosda Duşuşdy
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar seljerildi