Russiýa Afrin operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Russiýa Afrine garşy geçirilýän operasiýa bilen bagly hem Türkiýe hem-de Siriýa bilen aragatnaşykdadyklaryny beýan etdi

894202
Russiýa Afrin operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Siriýanyň Afrin sebitindäki PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň başladan Zeýtun şahajygy operasiýasyna ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belledi.

Kreml beýanatynda: “Türkiýe bilen aragatnaşyk içindediris. Fransiýanyň bu operasiýany BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibine sokmagy bir taraplaýyn we çarçuwaly standartdyr” diýilýär.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem beýanatynda: “ABŞ Siriýadaky tapawutly dinamikalara ýa düşünenok, ýa-da bilkastlaýyn ýagdaýda öjükdiriji hereketler edýär” diýdi.



Degişli Habarlar