Lawrow: “ABŞ-nyň Siriýadaky bir taraply hereketleri Türkiýäniň sabryny tüketdi”

Russiýanyň Daşary işler ministr Sergeý Lawrob ABŞ-nyň Siriýadaky bir taraply hereketleriniň Türkiýäniň sabryny tükedendigini aýtdy

894051
Lawrow: “ABŞ-nyň Siriýadaky bir taraply hereketleri Türkiýäniň sabryny tüketdi”

Lawrow “Kommersant” gazetine beren interwýusynda Türkiýäniň Afrin operasiýasy barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Lawrow: “Köp sanly syýasy analitik näme üçin aladalanýandygymyzy soraýar we şeýle diýýär: Goýuň ABŞ, Eýrany ýa-da Türkiýäni gazaplandyryjy bir taraply aksiýalary guraýan ýeri bolan Siriýa ýaly ýurtlarda ylalaşmazlygyny, daşary syýasatdaky ýaramaz pozisiýasyny subut etsin” diýdi.

Sergeý Lawrow Russiýanyň bahar aýlarynda ABŞ-na “ýarym resmi” görnüşde hödürlän hyzmatdaşlyk teklibiniň henizem güýjüni gorap saklaýandygyny hem aýtdy.

Lawrow: “Teklibimizi güýjüni gorap saklaýar. Biz hiç haçan garşy durman, amerikalylaryň ýa-da beýleki kärdeşlerimiziň alyp barýan işleriniň sebäbine düşünmek üçin jan edýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Russiýa garşy sanksiýalaryny esassyz we manysyz” hökmünde häsýetlendiren Lawrow sankiýalaryň Russiýanyň daşary syýasatdaky ugruna hiç hili täsiriniň bolmandygyny nygtady.

Häzirki wagtdaky Rusofobiýanyň derejesinin ozal görülmändigine ünsi çeken Lawrow, Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyň arasyndaky ideologik dartgynlyklaryň dowam eden Sowuk Uruş döwründe-de şeýle zadyň görülmändigini aýtdy.



Degişli Habarlar