Azat Siriýa goşunyndan Afrin halkyna çagyryş

Azat Siriýa goşunynyň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Afrin operasiýasy dowam edýär

893486
Azat Siriýa goşunyndan Afrin halkyna çagyryş

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahasy operasiýasyna goldaw berýän Azat Siriýa goşunynyň afrinli serkerdelerinden Ebu Merýem Afrin halkyna arkaýyn bolmak barada çagyryş berdi we asuda ilata zeper ýetmejekdigini belledi.  

Ebu Merýem Anadoly habarlar gulugyna beren beýanatynda Zeýtun şahasy operasiýasynda asuda ilatyň nyşana alynmajakdygyna ünsleri çekip, ýeke täk duşmanlarynyň terror guramasy PÝD/PKK we DAIŞ-digini beýan etdi.

Afrinli serkerde Ebu Merýem: “Nesip bolsa Afriniň merkezine gireris. Halkymyz arkaýyn bolsun. Hiç kimi öldürmesin. Asuda ilat biziň raýatlarymyzdyr, adamlarymyzdyr” diýdi.

 


Etiketkalar: #Afrin , #serkerde , #çagyryş , #halk , #raýat

Degişli Habarlar