Rumyniýanyň Premýer ministri wezipesine bellenen ilkinji zenan Wiorika Dansila boldy

Rumyniýada Premýer ministr wezipesinden çekilen Mihai Tudiseniň ýerine bellenen Ýewropa Parlamendiniň agzasy Wiorika Dansila ýurdyň ilkinji zenan Premýer ministri boldy

890988
Rumyniýanyň Premýer ministri wezipesine bellenen ilkinji zenan Wiorika Dansila boldy

Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis Tudoseniň ýerine hökümediň başyndaky Sosial demokrat partiýasynyň agzasy Wiorika Dansilany belledi.

Klaus Ýohannis Kotroçen köşgünde geçiren metbugat ýygangynda eden çykyşynda: “Täze hökümediň gurulmagy, Premýer ministriň bellenmegi barada ençeme adamyň pikirini diňledim. Şu gün hem syýasatçylaryň pikirlerini aldym. Sosial mediadaky adaty raýatlaryň ýazanlaryna hem ünsden düşürmän karara geldim” diýdi.

Sosial demokrat pariýasynyň mejlisde köplüge eýe bolan bir partiýadygyny aýdan Prezident Ýohannis: “Ähli pikirleri diňlänimden soň Sosial demokrat partiýa we Sosial demokrat partiýasy tarapyndan hödürlenen Premýer ministr dalaşgärine ýene-de bir mümkinçilik berdim. Emma Sosial demokrat partiýasy özüni görkezmeli. Rumyn halkynyň uly tamalary bar” diýdi.



Degişli Habarlar