Taliban Pakistanyň ozalky Premýer ministri Benazir Buttonyň janyna kast edendiklerini boýun aldy

Pakistan Talibany Pakistanyň ozalky Premýer ministri Benazir Buttonyň janyna kast edendiklerini boýun aldy

890495
Taliban Pakistanyň ozalky Premýer ministri Benazir Buttonyň janyna kast edendiklerini boýun aldy

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Pakistan Talibanynyň liderlerinden Abu Mansur Asim Mufti Nur Weliniň ýazan kitabynda guramanyň Buttonyň janyna kast edilmeginden jogapkärdigi nygtaldy.

Kitapda guramanyň Bilal we Ikramullah atly iki hüjümçä Buttonyň janyna kast edilmegi üçin görkezme berendigi nygtalýar.

Kitapda mundan başgada 2008-nji ýylda geçirlen saýlawlara dalaşgär bolmak üçin sürgünden Birleşen Arap Emirliklerinden ýurduna dolanan Buttonyň kerwenine 2017-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Karaçi şäherinde guralan we 180-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan bombaly hüjümiň hem guramanyň ozalky lideri Beýtullah Mesudyň görkezmesi bilen guralandygy nygtalýar.

Pakistanyň ilkinji zenan premýer ministri bolan Benazir Butto 2007-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Rawalpindi şäherinde geçirlen saýlaw mitinginden soň janyna kast edilmegi sebäpli ýogalypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar