Husileriň Saud Arabystanyna atan balistiki roketasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Balistiki roketanyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi sebäpli wakada ölen-ýiteniň bolmandygy nygtaldy

890236
Husileriň Saud Arabystanyna atan balistiki roketasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ýemende häkimiýetiň başyndaky Husileriň Saud Arabystanynyň Jazana şäherine atan balistiki roketasy Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Balistiki roketanyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi sebäpli wakada ölen-ýiteniň bolmandygy nygtaldy.

Husiler ozal hem Saud Arabystanyna degişli ýerlere balistiki roketa bilen hüjüm gurapdy emma şol roketalar hem täsirsiz ýagdaýa getirlipdi.

Ýemende legal hökümeti agdaran Husiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir şäherlere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri hem 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy söweşde legal hökümete degişli güýçlere goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar