ABŞ terror goşuny bilen baglanşykly beýanat berdi

ABŞ-niň Goranmak ministrligi Pentagon Siriýanyň Serhet howpsyzlygy güýji babatynda Türkiýäniň aladalaryna düşünýändiklerini öňe sürdi

889953
ABŞ terror goşuny bilen baglanşykly beýanat berdi

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda meseläniň Türkiýe tarapy bilen maslahatlaşylýandygy barada habar berildi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Erik Pahon: “Häzirki wagtda tälim berilýän Howpsyzlyk güýji bilen baglanşykly Türkiýäniň aladalaryna düşünýäris we NATO hyzmatdaşymyz bolan Türkiýe bilen şol meseläni maslahatlaşýarys” diýdi.

Aýralykçy terror guramasy PÝD/PKK herekedi bilen dörediljek Serhet howpsyzlyk güýji babatynda gepleşikleriň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga jogap beren Pahon: “ABŞ-niň hökümediniň resmileri bilen türk kärdeşleriniň arasynda dowam edýän gepleşikleriň gün tertibi şol mesele” diýip jogap berdi.

Gepleşikler barada anyk maglumat bermejekdigini aýdan Pahonyň çak edilýän Serhet howpsyzlyk güýji sözüni ulanmagy ünslerden gaçmady.

Pahon mundan başgada meseläniň Pentagonyň gün tertibindedigini belledi.



Degişli Habarlar