Kosowada serbiýaly syýasatçy öldürildi

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi

889594
Kosowada serbiýaly syýasatçy öldürildi

Kosowadaky Azatlyk, demokratiýa we adalat atly Halk insiatiwasynyň başlygy Oliwer Iwanowiç Demirgazyk Mitrowitsa şäherindäki ofisiniň öňünde guralan ýaragly hüjümde ýogaldy.

64 ýaşly serbiýaly syýastçynyň aklawjysy Nebosža Wlažiç wekilçilik eden adamsynyň irden guralan hüjümde bedeniniň ýokarky böleginden ýaralanandygyny we şol ýaralar sebäpli ýogalandygyny habar berdi.

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi.

Kosowadaky söweşde serbiýaly ýaragly toparyň serkerdesi bolan Iwanowiç söweşde alban asuda ilata garşy edilen günäler sebäpli 2016-nji ýylda 9 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Ýokary kazyýet geçen ýyl bu karary bozupdy we Iwanowiçiň ýaňadandan kazyýetiň öňüne çykmak barada karar kabul edipdi.

Iwanowiç kazyýetiň özüne garşy berjek kararyna tussag edilmezden garaşýardy.

Kosowanyň hökümeti Azatlyk, demokratiýa we adalat atly Halk insiatiwasynyň başlygy Oliwer Iwanowiçiň öldürilmegini berk ýazgardy.

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda jenaýatçylaryň tussag edilip, adalatyň öňüne çykarylmagynyň gerekdigini nygtady.



Degişli Habarlar