Birleşen Arap Emirlikleri bilen ABŞ harby türgenleşik geçirýär

“Demir bileleşik 6” türgenleşigi 2 hepde dowam eder

888336
Birleşen Arap Emirlikleri bilen ABŞ harby türgenleşik geçirýär

Birleşen Arap Emirlikleri bilen ABŞ “Demir Bileleşigi 6” atly  harby türgenleşik geçirýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi WAM habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, türgenleşik taraplaryň söweş taýarlyklarynyň artdyrylmagyny maksat edinýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaragly güýçleriniň harby ukybyny ösdürmek üçin dost we doganlyk ýurtlar bilen geçirýän harby türgenleşiginiň çägindäki “Demir bileleşik 6” türgenleşigi 2 hepde dowam eder.

Iki ýurduň arasynda sentýabr aýynda hem “Demir bileleşigi 5” atly harby türgenleşik geçirlipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar