ABŞ Eýranyň Siriýadaky pozisiýasyny ejizletmek üçin berk sanksiýalar goýmakçy

Bu barasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary beýan etdi

886587
ABŞ Eýranyň Siriýadaky pozisiýasyny ejizletmek üçin berk sanksiýalar goýmakçy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan jogapkär kömekçi asisenti Dewid Satterfield mesele boýunça beren beýannamasynda Eýranyň Siriýadaky pozisiýasyny ýok etmek we ýurtdan Eýran tarapyndan goldanýan güýçleri çykarmak üçin berk sanksiýalary goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde soraglara jogap beren Satterfield ABŞ-nyň Eýranyň Siriýadaky güýçleriniň nähili çykaryljakdygy baradaky soraga: “Birnäçe çäräniň netijesinde ýola goýular. İlkinji nobatda bolsa ABŞ we hyzmatdaşlarymyz tarapyndan fiziki serişdelerden mahrum etme we Eýranyň işleriniň maliýeleşdirilmegine goýuljak berk sanksiýalar we çäreler goýular” diýip jogap berdi.

Satterfield resmi Waşingtonyň Siriýa meselesinde aýyň ahyrynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek Siriýanyň Milli Dialog Kongresine “garşy göçüm” hökmünde BMG-niň çäginde hereket etmegi meýilleşdirýändigini hem aýtdy.

Satterfield: “Biz ABŞ-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň alyp barýan işleri boýunça BMG, BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi arkaly we 2254 belgili kararyň legallygy arkaly hereket etmekçi. Bular Soçä, Russiýanyň gözegçiligi ele almak we öz güntertibi bilen çäkli galmak ugrundaky insiatiwasyna garşylyk” diýdi.

Satterfield sözlerini: “Russiýanyň dowam etdirýän çözgüt tapgyryny legallaşdyryp bilmeris we legallaşdyrmarys” diýip tamamlady.

 



Degişli Habarlar