Lawrow: “Siriýanyň Milli Kongresiniň Taýarlyklarynda Möhüm Sepgide Ýetildi”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýurdunyň, Türkiýäniň we Eýranyň tagallalary bilen Siriýanyň Milli Kongresine görülýän taýarlyklaryň möhüm sepgide ýetendigini aýtdy

885771
Lawrow: “Siriýanyň Milli Kongresiniň Taýarlyklarynda Möhüm Sepgide Ýetildi”

Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada eýranly kärdeşi Jawad Zarif bilen geçiren duşuşygyndan ozal žurnalistlere üstümizdäki aýyň 29-30-y aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýanyň Milli Dialog Kongresi barada maglumat berdi.

Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň geçen ýyl Astana tapgyry bilen başladan gepleşikleriniň netijesinde Ženewa gepleşikleriniň hem ähmiýetiniň artandygyny beýan eden Lawrow; “Bu üç ýurduň ygtyýary bilen Siriýanyň Milli Dialog Kongresi boýunça taýarlyklarda möhüm sepgide ýetildi. Şol sepgide Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň tagallalary bilen ýetildi” diýdi.

Zarif hem Lawrowyň garaýyşyna goşulýandygyny ünsi çekip; “Türk we rus kärdeşlerimiz bilen Milli Dialog Kongresiniň Siriýada syýasy çözgüt tapylmagy üçin tagallamyzy dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar