Ysraýyl Palestinalylara ölüm jezasyny bermek isleýär

Palestinalylara ölüm jezasynyň berilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasy Knessetde geçirlen ilkinji sese goýulşykda kabul edildi

881333
Ysraýyl Palestinalylara ölüm jezasyny bermek isleýär

Palestinalylara ölüm jezasynyň berilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasy Ysraýylyň parlamenti Knessetde geçirlen ilkinji sese goýulşykda kabul edildi.

Knessetiň resmi internet saýtynda berlen beýanata görä, ady agzalýan taslama geçirlen ilkinji sese goýulşykda 52 ses bilen kabul edildi.

49 halk deputaty bolsa taslama “garşy” ses berdi.

Taslama goldaw beren Ysraýylyň Premýer ministri Benýanin Netanýahu ölüm jezasynyň “adatdan daşary ýagdaýlarda adalat” manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Taslama Parlamentde ýene-de iki gezek kabul edilen halatynda güýje girer.

Ysraýylda jemgyýetçilik kazyýetlerde ölüm jezasy ýok.

Harby kazyýetlerde bolsa adatdan daşary ýagdaýda ölüm jezasy berilýär.

Ölüm jezasy Ysraýylyň taryhynda diňe 1 gezek 1962-nji ýylda berlipdir.

 



Degişli Habarlar