“Pakistan ABŞ-na ynanmaýar”

"Pakistan terrora garşy göreşde ABŞ-na berenngoldawy sebäpli agyr ýitgi çekdi"

“Pakistan ABŞ-na ynanmaýar”

 

Pakistanyň Daşary işler ministri Hoja Muhammed Asyf ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Pakistan hakyndaky beýanatyna Twitter arkaly garşylyk görkezdi.

Pakistanyň terrora garşy göreşde ABŞ-na beren goldawy sebäpli agyr ýitgiler çekendigini nygtan Asyf “ABŞ-nyň Prezidenti bize “Siz näme etdiňiz? diýip soraýar. Size harby bazalarymyzy açdyk. Owganystandaky Amerikan esgerlerine biziň topraklarymyzdan ýangyç we ýarag kömegi berildi. Asuda ilatdan müňlerçe adam bilen köp sanly esger ýogaldy” diýdi.

Asyf ýurdunyň soňky 4 ýylda terrora garşy göreşde uly öňe gidişlik edendigini belledi.

Pakistanyň Daşary işler ministri “Geçmiş bize ABŞ-na ynanmaly däldigimizi öwretdi. Terrora garşy göreşimizden hoşal bolman bilersiňiz emma ýurdumyzyň mertebesine zeper ýetirilmegine rugsat bermeris” diýdi.

Tramp 1-nji ýanwarda Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde ABŞ-nyň soňky 15 ýylda Pakistana 33 milliard dollarlyk ýardam berendigini nygtap “Olar bolsa liderlerimi samsykdyr öýtdiler. Bize ýalandan we hileden başga zat bermediler. Owganystanly terrorçylara goldaw berýärler indi olara kömek ýok” diýipdi.

 



Degişli Habarlar