ABŞ: “BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine Eýran meselesi boýunça gyssagly çagyryş ederis”

Nikki Heli Eýranda dowam edýan protestler boýunça BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine gyssagly çagyryş etjekdiklerini aýtdy

880556
ABŞ: “BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine Eýran meselesi boýunça gyssagly çagyryş ederis”

ABŞ-nyň BMG-niň Ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli Eýranda dowam edýan protestler boýunça BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine gyssagly çagyryş etjekdiklerini aýtdy

Heli BMG-niň Baş Ştabynda geçiren metbugat ýygnagynda Eýranyň halkynyň “hökümetiň basyşyny protest etmek üçin batyrgaýlarça köçä çykandygyny” nygtap, aksiýalara goldaw berdi.

Ýurtdaky protestleriň daşarky güýçler tarapyndan gönükdirilmeýändigini we halkyň öz ygtyýary bilen köçelere çykandygyny beýan eden Heli: “Eýranyň halkynyň ýokary batyrgaýlygyny goldaýarys” diýdi.

Heli Eýranyň hökümetiniň “geçmişde öz halkyny öldürendigini” öňe sürüp, Eýranda dowam edýän protest aksiýalary boýunça BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini gyssagly maslahata çagyrjakdyklaryny aýtdy.

Beýleki tarapdan Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders 2018-nji ýylyň ilkinji metbugat brifinginde esasan Eýranda dowam edýan aksiýalar baradaky soraglara jogap berdi.

Amerikan hökümetiniň protestçileriň söz azatlygy hukugyndan peýdalanmagyna berýän goldawyna ünsi çeken Sanders; “ABŞ Eýranyň halkyny goldaýar, hökümeti öz raýatlarynyň parahatçylykly ýollardan özgerliş islegini beýan etmek hukugyna sarpa goýmaga çagyrýarys” diýdi.

Eýrandaky hökümetiň halkyň isleglerini kanagatlandyrmagyň ýerine “terrory goldaýandygyny” öňe süren Sanders: “Eýranyň halky gündelik durmuşlaryndaky ýaýbaňlanýan galplyk sebäpli gazaba mündi. Adamlar galplyga we jenaýata goşulyşan ýolbaşçylaryň eden-etdilikleriniň jezasyny çekmekden ýadadylar. Bularyň netijesinde batyrgaý eýranlylaryň organiki köpçülikleýin aýaga galandygyny görýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýrana goşmaça sanksiýalaryň goýulmagy barada karara gelmändigini beýan eden Sanders, Trampyň ähli alternatiwleri seljerýändigini gürrüň berdi.

 



Degişli Habarlar