“Sese goýulşygyň netijesi Palestina üçin uly ýeňiş”

Abbas ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyny yzyna alynmagyny göz öňünde tutýan taslamanyň sese goýulmagynyň uly ýeňişdigini aýtdy

873488
“Sese goýulşygyň netijesi Palestina üçin uly ýeňiş”

Palestinanyň Prezidenti Abbas, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyny yzyna alynmagyny göz öňünde tutýan taslamanyň sese goýulmagynyň uly ýeňişdigini aýtdy.

Mahmud Abbas “Sese goýulşygyň netijesi Palestina üçin uly ýeňiş”diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bolsa BMG-da 128 ses bilen kabul edilen Iýerusalim hakyndaky karar taslamasyndan soň beren beýanatynda “BMG-nyň kararyny ret edýäris we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa sag bolsun aýdýarys” diýdi.

Donald Tramp 6-njy dekabrda İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde yglan edipdi.

Trampyň Iýerusalim kararyny tankyt edýän karar taslamasy düýn BMG-nyň Baş Assambleýada, ABŞ-nyň atan hemlelerine garamazdan 9 sese garşy 128 ses bilen kabul edildi.

 

 

 



Degişli Habarlar