Hytaý paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwletine goldaw berýär

Hytaý Gündogar Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar edilmegi hakyndaky karara sarpa goýýar

868496
Hytaý paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwletine goldaw berýär

 

Hytaýyň Daşary işler ministriniň metbugat geňeşçisi Lu Kang paýtagt Pekinde beren beýanatynda Hytaýyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Iýerusalim meselesinde halkara jemgyýetçiligine  berýän çagyryşy hakynda durup geçdi we musulman ýurtlaryň İýerusalim hakyndaky aladasyna düşünýändiklerini belledi.

Ýurdunyň Iýerusalim meselesiniň çözülmeginde BMG-nyň degişli kararlaryna we halkara jemgyýetçiliginiň garaýşyna goldaw berýändigine ünsi çeken Lu, 1967-nji ýyldaky serhetlere görä, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwletine goldaw berýändiklerini aýtdy.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gepleşikleriň gysga wagtda başlamagyny umyt edýändiklerini aýdan Lu, Palestina meselesiniň çözülmegi üçin taraplaryň höweslendirilmelidigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar