"ABŞ Demirgazyk Koreýa bilen şertsiz gepleşik geçirmäge taýar"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Demirgazyk Koreýa bilen şertsiz gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy

867204
"ABŞ Demirgazyk Koreýa bilen şertsiz gepleşik geçirmäge taýar"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Demirgazyk Koreýa bilen şertsiz gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

Waşingtonda geçirlen forumda çykyş eden Tillerson gepleşiklere başlamak we iş meýilnamasyny kesgitlemek üçin Demirgazyk Koreýa bilen gepleşik geçirilmelidigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýa bilen islän mahaly gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýdan Tillerson, ilkinji gepleşigiň şertsiz geçirlip bilinjekdigini nygtady.

Amerikan hökümeti häzire çenli Demirgazyk Koreýa bilen gepleşikleriň başlamagy üçin ýadro maksatnamasyny saklamagy şertini öňe sürýärdi.

Tillersonyň soňky beýanaty “ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa syýasatynyň üýtgär biler” hökmünde analiz edildi.

 



Degişli Habarlar