Saakaşwili kazyýet diňlenşiginden soň boşadyldy

Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki kazyýet diňlenşiginden soň boşadyldy

866574
Saakaşwili kazyýet diňlenşiginden soň boşadyldy

Anna güni saklanan Saakaşwili Kiýewde üç aklawçysy bilen kazyýet diňlenşigine çykdy.

Prokuroturanyň Saakaşwiliniň öý tussaglygynda saklanmagy baradaky talabyny kabul etmedik kazyýet, ozalky prezidentiň boşadylmagyna höküm etdi.

Kararyň doly mazmuny 14-nji dekabrda beýan ediler.

Saakaşwili boşadylandan soň kazyýetiň öňünde tarapdarlary bilen duşuşdy.

Gürjistanyň ozalky Prezidenti, Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkony hâkimiýet başyndan agdarmak üçin Russiýanyň tarapynda durýan ukrain işewürleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we guramaçylykly jenaýat toparyna goldaw bermekde günäkärlenýärdi.

10 gün ozal ýaşaýan binasynyň üçeginde ele salynan, emma tarapdarlarynyň tagallasy bilen howpsyzlyk güýçleriniň elinden alynan Saakaşwili, birnä güç soň saklanypdy.



Degişli Habarlar