Fransuz ýazyjy ermeni garaýyşlarynyň asylsyzdygyna göz ýetirendigini aýtdy

Kitaby hakynda beýanat beren fransuz ýazyjy Türkiýäniň çar tarapyny gezip görendigini we möhüm barlaglar geçirendigini nygtady

863559
Fransuz ýazyjy ermeni garaýyşlarynyň asylsyzdygyna göz ýetirendigini aýtdy

 

Fransuz ýazyjy Ýwes Benard barlan ähli resminamalarynda 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky ermeni garaýyşlarynyň asylsyzdygyna göz ýetirendigini aýtdy.

Fransiýada Pantheon neşiýaty tarapyndan ýaňy ýakynda ýazyjy Ýwes Benardyň ylmy barlaglaryna esaslanýan “Türk-ermeni garaýyş tapawutlylygyna täze çemeleşme” atly 165 sahypalyk kitaby neşir etdi.

Kitaby hakynda beýanat beren fransuz ýazyjy Türkiýäniň çar tarapyny gezip görendigini we möhüm barlaglar geçirendigini nygtady.

“Ýwes Benard, “Bu kitaby neşir etmekde diýseň kynçylyk çekdim. 2009-njy ýylda neşir eden ilkinji kitabym bir hepde-de neşir edilipdi. Sebäbi neşirýada uly basyş edýärdiler. Gorkdylar we kitaby neşir edilmegi işlerini sakladylar. Emma bu gezek hiç hili kynçylyk çekmedim. Birinji kitabyň neşir edilmegi üçin azyndan 60 neşirýada ýüz tutdym. Şol döwürde neşirýatlaryň ýarysy oňaýsyz jogap berdi, ýarysy bolsa jogap bermelidiris hem öýtmediler” diýdi.

Ilkiler ermenileriň toslama garaýyşlaryna uly ähmiýet berendigini aýdan fransuz ýazyjy, 5 ýylyň dowamynda şol garaýyşlar barada barlag geçirendigini aýtdy.

Benard “Türkiýäniň gündogaryny garyşma garyş gezdim. Türkler bilen ermeniler bilen birnäçe gezek gürrüňdeş boldym. Kitaphanalara baryp gördüm, degişli ähli resminamalary barladym. Ermeni garaýyşlarynyň asylsyzdygyna gysga wagtda göz ýetirdim we ozalky pikirim üýtgemäge başlady” diýdi.

Benard “Indi bu mesele barada kitaplar ýazmak has aňsat bolar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar