Hytaýda bolan ýangynda 10 adam ýogaldy

Hadysada şeýle hem 5 adam ýaralandy

858945
Hytaýda bolan ýangynda 10 adam ýogaldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Tienjin şäherindäki köp gatly binalaryň birinde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Şinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä şäheriň Hyşi diýilen ýerindäki köp gatly binanyň 38-nji gatynda entek anyklanmadyk sebäplere görä ýangyn ýüze çykdy.

Ýangynda 10 adam ýogaldy, ýaralanan 5 adam bolsa golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýangyn wakanyň bolen ýerine baran ýangyn söndüriji toparlar tarapyndan kynçylyk bilen söndürildi.

Näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmadyk ýangynyň binadaky bezegleriň od almagy netijesinde ýüze çykan bolmagynyň ähtimaldygy habar berildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär.     


Etiketkalar: #Hytaý , #bina , #ýangyn , #waka

Degişli Habarlar