Ženewada 8-njisi geçirilýän Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Mistura gepleşige gatnaşýan taraplardan syýasy etabyň netijeli bolmagy üçin meselä ünsli çemeleşmeklerini isledi

858455
Ženewada 8-njisi geçirilýän Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 8-njisi geçirilýän Siriýa gepleşikleri dowam edýär.

Gepleşikleriň birinji gününe gatnaşmadyk Siriýanyň hökümetiniň resmi wekiliýeti, ikinji gün bolsa BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura bilen ilkinji resmi gepleşigini geçirdi.

Mistura gepleşige gatnaşýan taraplardan syýasy etabyň netijeli bolmagy üçin meselä ünsli çemeleşmeklerini isledi.

8-nji Siriýa gepleşikleriniň gün tertibinde wagtlaýyn hökümetiň gurulmagy, konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy we saýlawyň geçirilmegi ýaly meseleler esasy orun eýeleýär.

Siriýaly oppozisionere wekilçilik edýän toparyň başlygy Nasyr Hariri gysga wagtda Siriýanyň resmi wekiliýeti bilen göniden gepleşikleriň başlamagyny isleýändiklerini aýtdy.

Oppozisionerler Başar Asadyň Siriýanyň geçiş döwründe ýer almagyna garşy durýar.



Degişli Habarlar