Şa Abdulaziz Riýadda Britaniýanyň Premýer ministri Meýi kabul etdi

Özara gatnaşyklar we olary ösdürmek barada pikir alyşylan duşuşykda, sebitleýin meseleler hem seljerildi

858040
Şa Abdulaziz Riýadda Britaniýanyň Premýer ministri Meýi kabul etdi

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz paýtagt Riýaddaky köşkünde Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meýi kabul etdi

Saud Arabystanynyň resni habarlar gullugy “SPA-nyň” habar bermegine görä Şa Abdulaziz ýurduna sapar guraýan Britaniýanyň Premýer ministr Meý bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy.

Duşuşyga Saud Arabystanynyň Mirasdar şazadasy we Goranmak ministri Muhammed Bin Salman, Daşary işler ministri Adil Al Jubaýr, Içeri işler ministri, Maliýe ministri, Riýadyň Emiri we Britaniýanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Simon Kollis, Milli hobpsyzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Kristian Torner bilen degişli býurokratlar gatnaşdylar.

Özara gatnaşyklar we olary ösdürmek barada pikir alyşylan duşuşykda, sebitleýin meseleler hem seljerildi.

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý sebitde ýerleşýän ýurtlara guraýan 3 günlük saparynyň çäginde Yrakdan soň Riýada barypdy. Meý soň bolsa İordaniýa barar.

Meý aprel aýynda bolsa Saud Arabystanyna we İordaniýa sapar gurapdy.



Degişli Habarlar