Siriýa Milli Dialog kongresi yza süýşürildi

Russiýanyň Soçi şäherinde öňümizdäki aý geçirilmegi meýilleşdirilen Siriýa Milli Dialog kongresiniň fewral aýyna süýşürilendigi mälim edildi

856394
Siriýa Milli Dialog kongresi yza süýşürildi

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar agentliginiň diplomatik çeşmelere esaslanyp beren habarynda öňümizdäki aý Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Siriýa Milli Dialog kongresiniň fewral aýynda geçiriljekdigi habar berildi.

Habarda kongresiň fewral aýyna süýşürilmeginiň sebäbiniň kongres bilen bagly taýarlyklaryň dowam edýändigi bellendi.

Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan geçen hepde berilen umumy beýanatda Başar Asad bilen oppozisionerleriň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Siriýa Milli Dialog kongresine goldaw berilipdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Soçi , #maslahat , #fewral

Degişli Habarlar