Mişel Awn: “Premýer ministr Saad Hariri wezipesini dowam etdirer” diýdi

Mişel Awn şu gün başlan Italiýa maslahatynda La Stampa gazedine interwýu berdi

857847
Mişel Awn: “Premýer ministr Saad Hariri wezipesini dowam etdirer” diýdi

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn 4-nji noýabrda Saud Arabystanynda wezipesinden çekilendigini aýdan we geçen hepde wezipesinden çekilendigi baradaky beýanatyny goý bolsun eden Premýer ministr Saad Haririniň wezipesini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Mişel Awn şu gün başlan Italiýa maslahatynda La Stampa gazedine interwýu berdi.

Awn interwusynda “Hariri Premýer ministr wezipesini dowam etdirermi?” soragyna “Elbetde. Hökümetiň içindäki we daşarydaky ähli syýasy güýçler bilen gepleşiklerimizi täzelikde tamamladyk. Garaýyşlarymyz dolulygyna meňzeş” diýip jogap berdi.

Liwanyň Prezidenti ýurtdaky krizisiň birnäçe günde dolulygyna çözüljekdigini mälim etdi.

“Emma Hariri Hizbullahyň sebitdäki söweşlerden çekilmegi babatynda tutanýerli. Bu durmuşa geçirilermi?” soragyna Awn: “Hizbullah hem Liwanyň içinde hem-de ýurdyň serhediniň çäkleriniň daşynda DAIŞ-e agza terrorçylar bilen söweşdi. Emma terrora garşy göreş tamamlanan mahaly Hizbullah söweşijileri ýurtlaryna gaýdyp barar” diýdi.

Hizbullahyň ähli zatdan ozal Ysraýylyň hüjümlerine garşy döredilen bir güýçdigini, bir halk güýjidigini aýdan Mişel Awn: “Liwan hiç haçan söweşi başladan tarap bolmady. Liwanlylar Hizbullahy goranyş güýji hökmünde garaýar, terror guramasy hökmünde däl. Hizbullaha garşy edilýän aýyplamalar tassyklanmady” diýdi.



Degişli Habarlar