Kerkukda Türkmeneli telewideniýesine ýaragly hüjüm guraldy

Hattap Ömer ýaragly hüjümden soň waka hakynda derňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy

857502
Kerkukda Türkmeneli telewideniýesine ýaragly hüjüm guraldy

Yragyň Kerkuk şäherinde türk dilinde ýaýlym berýän Türkmeneli telewideniýesiniň Altynköprü şäherçesindäki bölümine guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýaralandy.

Kerkugyň içeri işler müdüri Hattap Ömer Türkmeneli telewideniýesine şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 1 janpenanyň ýogalandygyny aýtdy.

Hattap Ömer ýaragly hüjümden soň waka hakynda derňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy.

Yragyň ýaragly güýçleri, federal polis we Haşdi Şabi güýçleri 16-njy oktýabrda peşmergeleriň çekilmegi bilen Kerkuk şäherinde gözegçiligi üpjün edipdi.



Degişli Habarlar